AÝ/AR

Türkmenistan

News TK ↓ 50 episodes

Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.

Author

AÝ/AR

Category

News

Podcast website

www.azathabar.com

Latest episode

May 15, 2026

Where to listen?

Podcasts in the app Replaio Radio Coming soon

Podcasts are coming to the app soon. Install now and be the first to see a whole new take on podcasts

Get it on Google Play Install for free Android 5M+ downloads · 4.8 rating iOS soon

Episodes

Diňle: Jerimeleriň bahasy ýokarlany, polisiýa işgärleri üçin jerime plany kesgitlendi 15.05.2026
Diňle: Çagasy bolmadyk erkekleriň arasynda önelgelik barlagyndan geçmäge isleg artýar 15.05.2026
Diňle: Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galdy 15.05.2026

Türkmenistan dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn edýän “Serhetsiz habarçylar” (RSF) guramasynyň täze hasabatynda ýene metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda ýerleşdirildi. Ýyllyk hasabatda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 173-nji ýeri eýeledi.

Diňle: Änewde we Gämide daça jaýlary ýykylýar 04.05.2026
Diňle: Jerimeleriň ýokarlanmagy ilatyň 'esasy aladasyna öwrülýär' 27.04.2026
Diňle: Rus goşunynyň düzüminde Ukrainada söweşýän türkmen raýatlarynyň sany artýar 24.04.2026
Diňle: Maryda geçirilen ýygnaklarda okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi mälim edildi 24.04.2026

Marynyň häkimiýetleri ýurduň saglyk we bilim pudagynyň, şeýle-de polisiýa we prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda ýörite ýygnaklary geçirip, olarda okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigini aýtdylar. Bu barada ýygnaklara gatnaşan bilim we saglyk işgärleriniň ençemesi gürrüň berdi.

Diňle: Türkmenistanda MHM we polisiýa “Starlink” ulanyjylaryny gözleýär 24.04.2026

Lebapda Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň we polisiýanyň işgärleri ilat arasynda “Starlink” enjamyny ulanýan raýatlary gözleýärler. Bu waka, Türkmenistanda barha köp raýatyň Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin “Starlink” enjamyndan peýdalanýan mahalyna gabat gelýär.

Diňle: Aşgabatdaky türk wiza merkeziniň daşynda 200-e golaý adam protest geçirdi 24.04.2026

Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokadynda, “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkeziniň daşynda 200-e golaý adam protest geçirdi. Wiza ýüzlenmesi kanagatlandyrylmadyk adamlar tölän pullarynyň yzyna berilmegini talap etdiler.

Diňle: Administratiw hukuk bozulmalary üçin jerimeleriň soňky alty aýda ikinji gezek ýokarlandyrylmagy ilatda nägilelik döredýär 20.04.2026

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine soňky alty aýdan hem az wagtyň dowamynda tapgyr ikinji gezek üýtgetmeler girizilip, düzgün bozulmalar üçin jerimeleriň möçberi 100%-e çenli ýokarlandyryldy. Ýokarlanma Balkanyň köp ýaşaýjysynyň arasynda sorag we nägilelik döredýär.

Diňle: Balkanda gullukdan ir boşamak isleýän esgerlerden 10 müň manada çenli para soralýar 20.04.2026

Balkandaky harby bölümlerde gullukdan ir boşamak isleýän esgerleriň hossarlary üçin “para möwsümi” başlandy diýip, harby çeşmelerimiz we ene-atalaryň ençemesi aýdýar. Çeşmelerimiz harby ýolbaşçylaryň bu ýagdaýlara göz ýumýandygyny aýdýarlar.

Diňle: Amyderýada balyk tutmak gadagançylygynyň arasynda bazarlarda balyk gymmatlady 17.04.2026
Türkmenabatda jemgyýetçilik awtobus gatnawy seýrekleşdi - ýaşaýjylar 17.04.2026
Diňle: Balkanda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylara garşy reýd geçirildi, onlarça adam tussag edildi 16.04.2026

Balkanyň häkimiýetleri şu ýyl hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde Balkanabat şäherindäki esasy hristian ybadathanasynyň töwereginde reýd geçirdiler. Reýdlerde soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň onlarçasy tussag edildi.

Diňle: Daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylar COVID-19 synagyndan geçmek talabyndan nägile bolýarlar 15.04.2026
Diňle: Balkanly okuwçylardan mekdepleri abatlamak üçin ýene pul ýygnalýar, bermedikler 'kemsidilýär' 10.04.2026

Türkmenistanyň orta bilim berýän edaralarynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagyna bir ýarym aý çemesi wagt bardygyna garamazdan, Balkanabatdaky mekdeplerde okuwçylardan synp otaglaryny abatlamak üçin pul ýygnalyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy aprelde maglumat berdi.

Diňle: Tagtabazar we Änew sil suwlaryndan ejir çekýär: Jaýlara, köçelere, ownuk mallara we ekerançylyga zeper ýetdi 10.04.2026

Soňky bir hepdäniň dowamynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby we Ahal welaýatynyň Änew şäheri birnäçe gezek güýçli sil suwlaryndan ejir çekdi. Sil suwlary onlarça ýaşaýyş jaýyna, köçelere, maldarçylyga we ekerançylyga zyýan ýetirdi.

Diňle: Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy? 09.04.2026

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji aprelde Awstriýa sapary başlandy. Bilermen Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň arasynda, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine nebit we gaz import etmek mümkinçiliklerini gözleýändigini aýtdy.

Diňle: Gender deňligi maslahatlarynyň arasynda eneleriň ýagdaýy agyrlaşýar 09.04.2026
Diňle: Lebapda bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň fonunda dermanhanalaryň ençemesinde nagt däl tölegler kabul edilmeýär 08.04.2026

Lebapdaky bankomatlarda nagt puluň ýeter-ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, ýaşaýjylar şäheriň döwlet we hususy eýeçilikdäki dermanhanalarynyň aglabasynda bank kartlary arkaly tölegleriň kabul edilmeýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

Diňle: Orta mekdeplerde okuwçy gyzlaryň 'ahlagyna' üns güýçlendirildi 08.04.2026
Diňle: Tebigatyň gözel ýerlerinde bolup, hapalap gaýdýan köpelýär 08.04.2026
Diňle: Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi 08.04.2026
Diňle: Maryda 'lider saparyna' garaşylýar, ýaşaýjylar hallaryndan habar alynmagyny isleýär 07.04.2026
Diňle: Pul nagtlaşdyrmak kynlaşýar, hünärmen bankomat çözgüdini sorag astyna alýar 06.04.2026

Listen to the Türkmenistan podcast in Replaio

Radio and podcasts in one app - free, with no sign-up. Install today and do not miss the launch

Get it on Google Play

Replaio is not a podcast publisher; show names, artwork and audio belong to their authors and are distributed through public RSS feeds.