AÝ/AR
Habarlar gündeligi
Bu gepleşikde Türkmenistan we dünýä baradaky syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik hepdäniň bäş gününde, duşenbe-anna günleri aralygynda efire berilýär.
Where to listen?
Podcasts in the app Replaio Radio Coming soonPodcasts are coming to the app soon. Install now and be the first to see a whole new take on podcasts
Episodes
Habarlar gündeligi 03.10.2025 25:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
HG: ABŞ Türkmenistany mejbury zähmeti höweslendirýänleriň sanawyndan aýyrdy 02.10.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Garyplyk, gan azlygy hassalary zerur bolan bejergiden kesýär - çeşmeler; Türkmenabatda sanjym kampaniýasy başlandy, ýaşaýjylar isleg bildirmeýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär 01.10.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Gelinler ogly bolýança çaga dogurmaga mejbur edilýär - çeşmeler; Çehiýada geçiriljek saýlawlar ýurdy Ýewropa tarapdar ýolundan daşlaşdyryp, onuň Ukraina goldawyna täsir edip biler we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Ahalda lukmanlara 'it ýardy' diýip gelýän köpelýär - Çeşmeler 30.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”; Owganystan tümlükde: “Talyban” tutuş ýurt boýunça aragatnaşygy kesdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Mallaryň “näbelli” keselden gyrylmagy ahallylary alada goýýar 29.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Ahally eneler: Harby bölümleriň ençemesinde esgerlere arassaçylyk serişdeleri we “paluçka” berilmeýär; Gaz, tok, suw töleglerini gijikdiren ýaşaýjylaryň işi kazyýete geçirilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Habarlar gündeligi 26.09.2025 25:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
HG: Aşgabadyň söwda nokatlarynyň ençemesinde töleg terminallary kadaly işlemeýär 25.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Türkmenistanlylar Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy barada näme pikir edýär?; Trampyň duýdansyz öwrümi Russiýanyň Ukraina bilen söweşi üçin nämäni aňladýar? we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Etraplardaky saglyk binalarynyň 'haly harap', döwlet bejeriş üçin 'pul bermeýär' 24.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Häkimiýetler "goňşy welaýatda ýygymçy ýok" diýip, balkanly býujetçileri, esgerleri Ahalyň pagta meýdanlaryna ugradýar; Gyzylarbatda we Bereketde iri şahly mallar “näbelli” keselden köpçülikleýin gyrylýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Türkmenabatda et, çörek we beýleki azyk önümleri 20-100% gymmatlady 23.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Ýaşaýjylar Halk maslahatynda edilýän teklipleriň halka zyýandygyny aýdýarlar; Putin ABŞ bilen ýadro ýaraglaryny çäklendirýän soňky galan ylalaşygy uzaltmagy teklip etdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi 22.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Prezident ösüşleri öwýär, çeşmeler 'nägileligiň güýçlenýändigini' aýdýarlar; Russiýa howa araçäklerini bozýan wagtynda NATO gündogar goragyny nädip güýçlendirýär? we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Habarlar gündeligi 19.09.2025 25:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
HG: Balkanda raýatlaryň aýlyk we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň berilmegi gijikdirilýär 18.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Aşgabatlylar Baýramçylyk öňündäki awtobus kynçylyklaryndan 'nägile bolýar'; Russiýa ýene Ukrainanyň demir ýol ulgamyna zarba urdy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Aktiwist Myrat Düşemowa ýapyk gapylaryň arkasynda 8 ýyl iş kesildi 17.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda sürüjilere gözegçilik güýçlenýär, gije hereketi çäklendirilýär; Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Häkimiýetler Gyzyl kitaba giren ösümlikleri nähili goraýar? 16.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar; Zelenski Russiýanyň nobatdaky hüjüminden soň, Ýewropany howa goranyş ulgamyny döretmäge çagyrdy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Ene-atasy daşary ýurtda işleýän ýa-da tussaglykda saklanýan okuwçylar arassaçylyk işlerine "çekilýär” 15.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Men özümi myhman däl, gözegçilik astyndaky adam ýaly duýdum - çeşme; Aşgabatda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyklar batlanýar, býujet işgärleri çykdajylardan zeýrenýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Habarlar gündeligi 12.09.2025 25:00
Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
HG: MHM ýurtda gadagan edilen neşirleri okaýanlary we dindarlary anyklamak üçin ýaş çagalary soraga çekýär 11.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Aşgabatda ulanylmaýan liftler ilatda köp sorag döredýär; Näme üçin Hytaý we Russiýa “Sibiriň güýji-2”-ni gurjaga heniz-de meňzemeýär? we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Balkanda Halk Maslahatyna gatnaşjak müňe golaý raýat uçdantutma saglyk barlagyndan geçirilýär 10.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Nepaldaky protestler türkmen ýaşlaryny syýasy çekişmelere çekýär - çeşmeler; Mary-Lebap demirýolunda iki ýük otlusy çaknyşdy, adam pidasy bolmady we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Balkanda býujetçilerden goşar sagatlary, döşe dakylýan nyşanlary we ýerli egin-eşikleri satyn almak talap edilýär 09.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Ene-atalar işlemäge gidenleriň gelmegine, ogullarynyň öýlenmegine garaşýar; Russiýa Ukrainanyň Donetskiň basylyp alnan 2 şäherine zarba urandygyny aýdýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Harby gulluga öz wagtynda barmadyklara ‘berk jeza çäreleriniň görüljekdigi’ duýdurylýar 08.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Balkanda un gytçylygynyň MHM 'baglanyşygy' derňelýär - çeşmeler; Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly barada resminama bermeýändigini aýdýar 05.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylar; Tramp rus nebiti babatynda Ýewropa basyş edýär, koalisiýa Ukraina ýerleşdiriljek 'Kepil güýçler' boýunça netijä geljek bolýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Balkanda mejbury pagta ýygymynyň gerimi "ozal görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdi 04.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Mekdeplerdäki 'döwlet dilgeçiligi' ösýär, bilim derejesi 'yza tesýär'; Gündogar sebitde salgyt gullugynyň işgärleri 'barlag bahanasy bilen para soraýar' – telekeçiler we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar? 03.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Täze okuw ýyly mugallymlar üçin mejbury çäreler bilen başlandy; Köneürgençde häkimiýetleriň VPN ulanýan aýal-gyzlara garşy göreşi güýçlendi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: Düşemowyň esassyz saklanmagy barha kän syýasy pikir alyşma sebäp bolýar - Çeşmeler 02.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Ahalda “ýakymsyz ysly we ajymtyk tagamly” üwelen et arzan bahadan satuwa çykaryldy; Ukraina Hytaýdan urşuň bes edilmegi babatynda Russiýa basyş etmegi soraýar, Putin Pekinde saparda bolýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
HG: 'Arkadag Awazadan gaýdan badyna', Türkmenbaşyda ilatyň tok we suw üpjünçiligi ýaramazlaşdy 01.09.2025 25:00
Şu günki programmamyzda: Hökümetiň gaýtalaýan 'ösüş sanlary' adamlaryň gaharyny getirýär; Täze okuw ýyly mekdeplerde güýçlendirilen howpsuzlyk, okuwçylardan pul ýygnamak çäreleri bilen başlandy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Replaio is not a podcast publisher; show names, artwork and audio belong to their authors and are distributed through public RSS feeds.