AÝ/AR

Habarlar gündeligi

News TK ↓ 250 episodes

Bu gepleşikde Türkmenistan we dünýä baradaky syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik hepdäniň bäş gününde, duşenbe-anna günleri aralygynda efire berilýär.

Author

AÝ/AR

Category

News

Podcast website

www.azathabar.com

Latest episode

Jul 10, 2026

Where to listen?

Podcasts in the app Replaio Radio Coming soon

Podcasts are coming to the app soon. Install now and be the first to see a whole new take on podcasts

Get it on Google Play Install for free Android 5M+ downloads · 4.8 rating iOS soon

Episodes

Eýran bilen serhediň golaýyndaky türkmen obalarynda 'Starlink' ulanyjylar gözlenýär 16.01.2026

Şu günki programmamyzda: Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurda barýan türkmenistanlylaryň 20-ä golaýy uçara goýberilmedi; ABŞ-nyň Eýrana garşy ulanmak üçin harby ýa-da başga mümkinçilikleri näme? we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň täze WiFi routerlerinden eden tamasy ‘çykmady’ 15.01.2026

Şu günki programmamyzda: Iki sürüji, Aşgabatdan "Awaza" dynç almaga barýan ene çagasy bilen ýolda öldi; Tramp Eýran ölüm jezalaryny togtatdy diýýär, ýöne harby hereketleriň mümkindigini inkär etmeýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Balkanda işgärler işden çykýar, ýolbaşçylar aýlygyň ýokarlanmajagyny boýun alýar 14.01.2026

Şu günki programmamyzda: Türkmenabatda walýutanyň gara bazaryna garşy reýd geçirilýär; Tramp protestlerde ölenleriň sany artýarka eýranlylara "kömek ýolda" diýýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi 13.01.2026

Şu günki programmamyzda: Çaga iýmitleri gymmatlady, dermanyna pul tapmaýan pensioner köpelýär; Eýrandaky repressiýalardan global nägilelik güýçlenýärkä, protestçiniň jezalandyryljagy habar berilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Aşgabatdaky türk wiza merkeziniň korrupsiýa sebäpli ýapylandygy aýdylýar 12.01.2026

Şu günki programmamyzda: Lebapda we Maryda tozanly ýel tok, suw we gaz üpjünçiligine zeper ýetirdi; ABŞ-nyň harby çäre görmek haýbatlary we protestlerde ölenleriň sanynyň artmagy bilen, Tramp Eýranyň gepleşik geçirmek isleýändigini aýdýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Russiýada, Türkiýede işleýän türkmen migrantlary 'görýän görgülerini' gürrüň berýärler 09.01.2026

Şu günki programmamyzda: Aşgabatda gyşky dynç alşynda sadaka soraýan çagalar göz-görtele köpeldi; Eýranda iň uly protestler geçirilýär, demonstrantlar taktikany üýtgedýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Balkanda häkimiýetler ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýär 08.01.2026

Şu günki programmamyzda: Türkmenabat–Aşgabat otlusynda ýolagçylar polisiýa tarapyndan 'talanýandygyny' aýdýarlar; Eýranda protestler dowam edýärkä aktiwistler daşardan goşulyşma däl-de, içerki özgerişe çagyrýarlar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Türkmenistanda ‘köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar 07.01.2026

Şu günki programmamyzda: ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy; Çeşmeler Balkanabatda 'zagran pasport bermegiň' wagtlaýyn togtadylandygyny aýdýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Habarlar gündeligi 06.01.2026

Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Maduro tussag edileninden soň, türkmen harbylary ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi - Çeşmeler 05.01.2026

Şu günki programmamyzda: Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar şu ýyl ýokarlandyrylmady, ilatyň aladasy artýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Habarlar gündeligi 02.01.2026

Türkmenistandaky we halkara arenasyndaky soňky möhüm wakalar we meseleler barada ýörite informasion-habarlar programma. Bu programmada soňky möhüm wakalar we meseleler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Ýylyň jemleri 2025 (2-nji bölüm) 01.01.2026

Azatlyk Radiosynyň taryha giden 2025-nji ýylyň Türkmenistan wakalaryna bagyşlanan ýörite syn gepleşigi.

Ýylyň jemleri 2025 (1-nji bölüm) 31.12.2025

Azatlyk Radiosynyň taryha giden 2025-nji ýylyň Türkmenistan wakalaryna bagyşlanan ýörite syn gepleşigi.

Türkmenabatda jaýlar we 'pristroýkalar' ýykylýar, maşgalalar sowukda öýsüz galýar 30.12.2025

Şu günki programmamyzda: 'Paradigmanyň bozulmagy'? Russiýanyň Merkezi Aziýadaky täsiri nähili üýtgeýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Türkmenistanda dollaryň 'gara bazar' nyrhy birden peseldi 29.12.2025

Şu günki programmamyzda: Ýangyç ýagdaýy ýaramaz, näresmi bahalar saklanýar, sürüjiler indiki ýyly alada edýär; Zelenski Tramp bilen gepleşiklerde “öňe gidişlik” bolandygyny, parahatçylyk tagallalarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Aşgabatda araçylar daşary ýurtly aýdymçylaryň konsert biletlerini ençeme esse gymmat satýar 26.12.2025

Şu günki programmamyzda: Býujetçilerden Täze ýyl sowgady üçin alnan pula zaýalanan azyk berildi; Zelenski parahatçylyk teklibini maslahatlaşmak üçin Tramp bilen duşuşygyň meýilleşdirilendigini aýdýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Aşgabadyň we welaýatlaryň arasynda gatnaýan ýolagçy köpeldi, bilet gytaldy 25.12.2025

Şu günki programmamyzda: Tagtabazarda ýollaryň ýaramazlygy ýaşaýjylary Tiz kömek hyzmatyndan mahrum edýär; Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky azyk ýagdaýy 'tankytçylaryň sanyny köpeldýär' we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Bazarlardaky emeli arzançylyk zaýaçylyga, telekeçileriň batmagyna getirýär 24.12.2025

Şu günki programmamyzda: Balkanda Täze ýyla garşy wagyzlar güýçlenýär, şol bir wagtda, býujet işgärlerinden baýramçylyk üçin pul ýygnalýar; Russiýanyň Ukraina uran zarbalary netijesinde energiýa we raýat desgalaryna zeper ýetdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Balkanda Täze ýyla garşy wagyzlar güýçlenýär, şol bir wagtda, býujet işgärlerinden baýramçylyk üçin pul ýygnalýar 23.12.2025

Şu günki programmamyzda: Ahalda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň berilmegi ýene gijikdirilýär; Moskwada bolan partlamada ýokary derejeli harby ofiser heläk boldy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Aşgabatda pirotehniki serişdeleriň emeli usullar bilen ýasalmagy we satylmagy ýygjamlaşdy 22.12.2025

Şu günki programmamyzda: "Watan habarlary" Nyýazowy 21-nji dekabrda ilkinji gezek ýatlamady - Çeşmeler; Kreml parahatçylyk gepleşiklerinde berk pozisiýasyny ilerledýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Stambulda ýüzlerçe türkmenistanly student uniwersitete 'duýdansyz' goýberilmezligine garşy çykdy 19.12.2025

Şu günki programmamyzda: Bitaraplyk gününiň 'arzançylygy' geçdi, alyjylar Täze ýyl 'söwdasyna' garaşýar; Putin söweş meýdanyndaky öňegidişlikleri taryplaýar, ýyllyk metbugat çäresinde eglişige taýýar däldigini ýaňyzadýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Türkmenistandaky meselelere üns çeken blogger ‘gözden ýitdi’, häkimiýetler tankydy pikirlilere basyşy güýçlendirýär 18.12.2025

Şu günki programmamyzda: Bitaraplyk gününiň 'arzançylygy' geçdi, alyjylar Täze ýyl 'söwdasyna' garaşýar; Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy 17.12.2025

Şu günki programmamyzda: Türkmen raýaty oppozision bloggerde meselesini gozgamagynyň yz ýany, “häkimiýetleriň basyşyndan soň aradan çykdy”; Täjigistanyň DIM-i Russiýada täjik ýetginjeginiň öldürilmegini "berk ýazgardy" we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyklar başlandy, talyplar bulary ‘harby gulluk’ atlandyrýar 16.12.2025

Şu günki programmamyzda: Lebapda mugallymlaryň gijeki nobatçylygy 'ýadadýar', mejbury zähmet basyşy ýokarlanýar; Tramp Ukraina ylalaşygynyň “ozalkylardan has ýakyndygyny” aýdýar, “5-nji madda meňzeş” howpsuzlyk kepillikleri barada maglumatlar çykýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Türkmenler Aşgabat forumyndaky 'myhmansöýerligi' maslahatlaşýar 15.12.2025

Şu günki programmamyzda: Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar; Parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagallalar güýçlenýän mahaly Berlinde ABŞ-Ukraina gepleşikleriniň ikinji tapgyryna garaşylýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.

Listen to the Habarlar gündeligi podcast in Replaio

Radio and podcasts in one app - free, with no sign-up. Install today and do not miss the launch

Get it on Google Play

Replaio is not a podcast publisher; show names, artwork and audio belong to their authors and are distributed through public RSS feeds.